sabyrsyzlyk

sabyrsyzlyk
Takatsyzlyk, çydamsyzlyk, sabyr-kararsyzlyk, gyssanaganlyk, bisabyrlyk.
∙ Aýsoltan ata-babalarynyň arzuwy bolan şol bol suwa sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ Ol onuň ýüzüne soragly gözlerini sabyrsyzlyk bilen gezdirdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
∙ Çagyryş habarynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýören Myrat çalt-çalt sözledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem sabyrsyzlyk - sabyrsyzlygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»